ÖKDE IŞGÄRLER
Biziň maksadymyz ähli işgärlerimiziň işleriniň çäginde özgermekleri we täze wezipelere geçmekleri ýaly mümkinçiliklere eýe bolmaklaryndan ybaratdyr.
ÝOKARY HILLI HYZMATLAR
Biz ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek bilen, müşderilerimiziň öňünde hünäredermeligimizi we jogapkärçiligimizi görkezýäris.
BIZ – TOPAR
Biziň üçin hyzmatdaşlarymyzyň ähmiýeti ulydyr we hyzmatdaşlarymyzyň maksatlaryny amala aşyrmaklyk bolsa, bize has gowy netijelere ýetmeklige mümkinçilik berýär.
Telekeçilik işi
HT “Ynamly yol gapy” 2022-nji ýylda esaslandyryldy we merkezi Türkmenistanyň Aşgabat şäherinde ýerleşýär. Biziň kompaniýamyzyň, Türkmenistanyň Balkan sebitiniň Türkmenbaşy şäheriniň Balkan gämi abatlaýyş kärhanasynda ýerleşýän bir edara bar, bu ýerde dürli görnüşli iş alnyp barylýar. Kompaniýamyz, gämi abatlamak üçin hyzmatlar bermek, weýran ediji synaglar boýunça laboratoriýa synaglary we halkara tehnologiýalarynyň (ISO) talaplaryna laýyklykda maglumat tehnologiýasy pudagyndaky hyzmatlar ýaly iş alyp barýar.
ISO 9001:2015
ISO 14001:2015
ISO 45001:2018
Logistika, ulag, maglumat tehnologiýalary pudagynda täze dörän kärhana.
Işewürligiň dürli ugurlarynda ýokary hilli hyzmatlary bermekde özümizi ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezmäge taýýardyrys!
Kärhananyň Syýasaty
Kärhananyň dolandyrylşy korporatiw syýasatynyň düzgünnamasyna esaslanýar. Kärhananyň syýasaty – bu kärhananyň dolandyryş strategiýasyna esaslanan ýörelgelerden we gymmatlyklardan ybaratdyr. Korporatiw syýasat ýolbaşçylar we işgärler bilen işlenilip düzülýär. Biziň nukdaýnazarymyz – toparyň ähli agzalarynyň müşderi bilen işleşmegiň ähli görnüşlerinde gatnaşmagydyr. Biz bilen işleşmegiň aýratynlyklary:
Görüş
Merkezi Aziýada hyzmatlarymyz pudagynda öňdebaryjy kompaniýalardan biri bolmak.
Maksat
Toparymyz bilen bilelikde kompaniýanyň maksatlaryna ýetmek. Biziň işgärlerimiz - biziň baýlygymyzdyr!