ÖKDE IŞGÄRLER
Biziň maksadymyz ähli işgärlerimiziň işleriniň çäginde özgermekleri we täze wezipelere geçmekleri ýaly mümkinçiliklere eýe bolmaklaryndan ybaratdyr.
ÝOKARY HILLI HYZMATLAR
Biz ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek bilen, müşderilerimiziň öňünde hünäredermeligimizi we jogapkärçiligimizi görkezýäris.
BIZ – TOPAR
Biziň üçin hyzmatdaşlarymyzyň ähmiýeti ulydyr we hyzmatdaşlarymyzyň maksatlaryny amala aşyrmaklyk bolsa, bize has gowy netijelere ýetmeklige mümkinçilik berýär.
BIZ KIM?
Gämi abatlamak, zyýan ýetirmeýän barlag usullary üçin barlaghana hyzmatlary we maglumat tehnolgiýalary pudaklarynda 2022-nji ýylda Türkmenistanda dörän ýaş kärhana bolmak bilen, biziň kärhanamyz bu pudaklarda özüni ynamly hyzmatdaş hökmünde görkezmäge taýýar.



KÄRHANANYŇ GYMMATLYKLARY
Biziň nukdaýnazarymyz – toparyň ähli agzalarynyň müşderi bilen işleşmegiň ähli görnüşlerinde gatnaşmagydyr. Biz bilen şertnama baglanşmaklyk özara peýdaly hyzmatdaşykdan ybaratdyr. Biziň bilen hyzmatdaşlyk edýän kärhanalar, hemişe wada berenimizden has köp zady edýändigimizi we hyzmatdaşlaryna bizi maslahat berýändiklerini belleýärler. “Ynamly ýol hyzmaty” kärhanasy – bu ösüş diýmekdir. Özgermek bilen, biz iş ýerleriniň sanyny köpeldýäris, mümkinçiliklerimiziň geografiýasyny giňeldýäris. Hünär derejelerini ýokarlandyrmak bilen, biz işgärlerimizi taýýarlaýarys, olara özgermäge, bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmäge kömek edýäris.